Swerdlowsk sebit kazyýeti Sementniý obasynyň 75 ýaşly ýaşaýjysy Nikolaý Dolguşini 1 ýyl 2 aý şertli tussaglyga höküm etdi (Jenaýat kodeksiniň 354.1-nji maddasynyň 2-nji bölüminiň "b" bölümi) diýip, “Mediazona” neşiri habar berdi.
“SOTAvision” neşiriniň maglumatyna görä, kazyýet işiniň açylmagyna 2023-nji ýylyň sentýabr aýynda "Ikinji jahan urşuny diktator we ganhor Stalin başlady" we 2024-nji ýylyň fewral aýynda "Ýalan sözleýärsiň, rus doňzy, parahatçylykly Polşa ganhor we diktator Stalin uruş yglan etdi" diýen ýazgylar sebäp bolupdyr. Dolguşin öz ýazgylarynyň gapdalyna Ikinji jahan urşunyň başlanmagynyň we Polşanyň basylyp alynmagynyň taryhy ýyl ýazgysy bilen bagly wideo ýazgylaryny hem goşupdyr.
Onuň ýazgylary 2024-nji ýylyň awgust aýynda Içeri işler ministrliginiň ekstremizme garşy göreş merkeziniň ("E" merkezi) işgäri tarapyndan tapyldy we 2025-nji ýylyň mart aýynda pensioneriň garşysyna jenaýat işi açyldy.
Nikolaý Dolguşin özüne ýüklenen günäni boýun almady. Ol özüniň bu ýazgylary ýazmandygyny aýtdy we Odnoklassniki sahypasyndaky sahypanyň döwlen bolmagynyň ähtimaldygyny öňe sürdi.
“Mediazona” oňa şu ýylyň maý aýynda şol bir sosial ulgamyndaky ýazgylary sebäpli, rus goşunyny "abraýdan düşürendigi" üçin diýlip açylan administratiw iş esasynda 30 müň rubl jerime salnandygyny ýazýar. Ol şonda hem öz hasabynyň döwlen bolmagynyň mümkindigini aýdypdy.
Kazyýet, bir ýarym ýyllap internet ulanmagy gadagan etmek bilen, ony ruhy hassahanada hasaba alynmaga, ambulatoriýa bejergisini almaga borçly etdi.