Pagta möwsümine niýetlenip, pul ýygnalmagyna garşy çykan işgärler gaýtadan ýygyma çekildi

Illýustrasiýa suraty. Resmi mediadan alnan surat Mary welaýatynyň pagtaçylaryny görkezýär. Arhiwden alyndy.

Mary welaýatynda pagta möwsümine niýetlenip özlerinden pul ýygnalmagyna närazy bolan býujet işgärleri, häkimiýetler tarapyndan pagta ýygmaga mejbur edilenden soňra, gaýtadan, pul berip, öz orunlaryna hakyna tutma işçileri pagta meýdanlaryna ugratmaga mejbur boldular.

Bu waka geçen iki hepdäniň dowamynda günorta-gündogar Türkmenistanyň býujet edaralarynda bolup geçdi.

“Geçen hepdäniň dowamynda döwlet edara-kärhanalarynyň her haýsyndan 20-25 işgär pagta ýygymyna mejbury gatnaşdyryldy. Sebäbi, olar has ozal, pagta ýygymyna niýetlenip, özlerinden pul ýygnalmagyna garşy çykypdylar” diýip, maryly çeşmeler 19-njy awgustda Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.

Pagta önümçiliginde mejbury zähmetden peýdalanmakda tankyt edilýän Türkmenistan soňky ýyllarda hasyl möwsüminde býujet işgärlerinden köplenç pul ýygnamak tejribesini has giňden ulanýar.

Ilki garşy çykdylar, soň...

Ýöne maryly býujet işgärleri bu ýyl özlerinden adam başyna 50 manatdan soralýan pul goşantlaryna garşy çykypdyrlar.

“Şondan soňra, bir hepdeläp, býujet işgärlerine öz orunlaryna hakyna işçi tutup, pagta ýygym möwsümine gatnaşdyrmaga rugsat berilmedi” diýip, çeşmeler aýdýar.

Welaýat häkimligi sebitdäki edara-kärhanalaryň ýolbaşçylaryndan öz garamagyndaky işgärleri her gün ir bilen pagta meýdanlaryna alyp barmagy we olaryň üstünde durup, giç agşama çenli olara pagta ýygdyrmagy talap edipdir.

Degişli maglumat Daşoguz welaýatynyň býujet işgärleri ýene pagta ýygmaga mejbur edilýär

“Ýolbaşçylara her gün irden sagat 6:00-da işgärleri pagta meýdanlaryna getirmek tabşyryldy. Olar işgärlerden irden 5:30-da meýdanda bolmagy talap edýär” diýip, birnäçe býujet işgäri aýdýar.

Tutuş bir hepdäniň dowamynda her bir döwlet kärhanasyndan 20-25 çemesi adam her gün agşam sagat 19:00-a çenli pagta ýygmaly bolupdyr.

“Ahyrsoňy, işgärler gaýtadan ýolbaşçylara ýüz tutup, özlerinden mejbury zähmete derek, mejbury pul goşantlarynyň talap edilmegini haýyş etdiler” diýip, çeşmeler aýdýar.

“Bu zatlaryň ählisi işgärleri pul tölemäge mejbur etmek maksady bilen ýerine ýetirildi” diýip, olar sözüniň üstüni ýetirýär.

"Razy boldular"

Munuň yz ýany, üstümizdäki hepdäniň başynda, ýerli häkimiýetler býujet işgärleriniň haýyşlaryny kanagatlandyryp, olardan ýene-de pul toplanmagyna rugsat beripdirler.

Bu aralykda, býujet işgärleri öňki ýyllarda şeýle maksatlar bilen özlerinden 30-40 manat möçberinde pul serişdeleriniň ýygnalyp alnandygyny, häzir bolsa bu puluň 50 manada çenli baryp ýetendigini aýdýarlar.

“Adamlary pul bermäge razy etmek üçin şeýle sütem görkezildi” diýip, býujet işgärleri aýdýar.

Türkmen hökümeti pagta önümçiliginde mejbury zähmetden peýdalanmakda ýyllarboýy tankyt edilýär. Ýöne häkimiýetler şu wagta çenli şeýle tejribelerden dolulygyna el çekmediler.

Turkmen.news neşiri golaýda Daşoguz welaýatynda hem býujet işgärlerine ýygym möwsümine mejbury çekilip başlanandygyny habar berdi.

Neşiriň maglumatyna görä, çagalar baglarynyň işgärleri, mekdep mugallymlary we beýleki döwlet edaralarynyň işgärler oba hojalyk işlerine gatnaşmaga borçly edildi we pagta ýygmaga gitmejekleriň her gün 25 manat möçberinde pul tölemegi talap edilýär.

Degişli maglumat Balkanda býujetciler pagta meýdanlaryna äkidilýär ýa-da pul tölemäge mejbur bolýar

Şeýle-de, neşir Lebap, Mary welaýatlarynda býujet edaralarynyň işgärlerinden häzir pagtaçylary hakyna tutmak üçin diňe pul tölemegiň talap edilýändigini belleýär.

Azatlygyň habarçylary ýurtda dowam edýän mejbury zähmet, býujet edaralarynyň işgärlerinden ýygnalyp alynýan serişdeler barada yzygiderli habar berýärler.

Emma türkmen häkimiýetleri bu habarlary ne tassyklaýar, ne-de ret edýär.

Azatlygyň Balkan welaýatyndaky çeşmeleri geçen dynç gününde Balkanabat şäheriniň, Gumdag, Bereket, Gyzylarbat we Magtymguly etraplarynyň tas ähli býujet edaralarynyň işgärleri pagta ýygymyna çekilendigini habar berdiler.

Biraz öň, günbatar sebitdäki habarçymyz administratiw merkezdäki býujet işgärleriniň 6-njy awgustda hem Bereket etrabynda ýerleşýän gowaça meýdanlarynda çürtüm işlerine çekilendigini maglumat berdi.

Azatlyk Radiosy bu maglumatlar boýunça ýerli häkimiýetlerden resmi teswir alyp bilmeýär.

Türkmenistanda her ýyl ýüzlerçe müň gektar oba hojalyk ýerleri gowaça ekişine bölünip berlip, 1 million 200 müň tonnadan gowrak pagta hasyly ýygnalyp alynýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.