Tejende ilkinji gezek mekdebe barýan körpelerden okuw kitaplaryny satyn almak talap edildi

Türkmenistanyň döwlet mediasyna görä, şu ýyl ýurduň orta mekdeplerine 142 müňden gowrak çaganyň birinji synpa barmagyna garaşylýar.

Şu ýyl ilkinji gezek okuwa barýan çagalardan okuw kitaplaryny öz hasabyna satyn alyp, mekdebe getirmek talap edildi. Azatlyk Radiosynyň çeşmeleri Tejeniň orta mekdeplerinde öňe sürlen bu talap barada habar berýärler.

Ahal welaýatynyň Tejen şäherinde we etraplarynda ýerleşýän orta mekdeplerde synp mugallymlary çagalaryň ene-atalaryna birinji synp üçin zerur kitaplaryň ýokdugy aýdyldy.

"Şu ýyl birinji sentýabrdan birinji synpa barmaly çagalaryň hossarlaryna kitaplaryň ýokdugy aýdylýar. 'Eger eger çagaňyza bilim gerek bolsa, Aşgabatda ýerleşýän kitap we kanselýariýa dükanlaryndan kitap satyn alyň' diýip, maslahat berilýär" diýip, çeşme 18-nji awgustda gürrüň berdi.

Degişli maglumat Birinji synpa barýan körpeleriň ene-atalaryndan pul toplanýar

Ak Bugdaý etrabynyň mekdeplerinde hem birinji klasa barýan çagalar üçin zerur kitaplar ýok.

"Ahal welaýatynyň Ak Bugdaý we Bugdaýly etraplaryna degişli mekdeplerde hem çagalar kitapsyz. Olar mekdebe gelip, boş oturyp, wagtyny geçirmeli bolarlar" diýip, mekdep mugallymy aýdýar.

Tejeniň bilim edaralarynyň birindäki çeşme ene-atalardan bu talabyň zerur kitaplaryň ýokdugy sebäpli edilýändigini belläp, Bilim ministrligi tarapyndan üpjün edilenden soň, okuwçylara mugt paýlanjakdygyny aýtdy.

Azatlyk Radiosy Ahal welaýatynyň bilim edaralaryndan we Bilim ministrliginden bu ýagdaý barada resmi teswir alyp bilmedi.

Emma Azatlyk bilen anonimlik şertinde söhbetdeş bolan bilim işgärleriniň sözlerine görä, bu ýagdaý diňe Ahal welaýatyna, şol sanda Tejen şäherine degişli bolman, kitap ýetmezçiligi beýleki welaýatlaryň, şol sanda paýtagtyň orta mekdeplerinde ýiti problema bolmagynda galýar.

Türkmenistanyň döwlet mediasynda çap bolan maglumatlara görä, 2025-2026-njy okuw ýylynda ýurduň orta mekdeplerine 142 müňden gowrak çaganyň birinji synpa barjagyna garaşylýar. Hususan-da, täze okuw ýylynda 142 698 okuwçynyň "Bilimli" markaly noutbuk bilen üpjün ediljegi hökümetiň 20-nji martda geçiren maslahatynda mälim edilipdi.

Türkmenistanda birinji synpa barýan çagalara prezidentiň adyndan noutbuk sowgat bermek däbi ençeme ýyl bäri dowam edýär. Geçen ýyllarda her bir çaga şahsy ulanylyşa berilýändigi aýdylýan bu kompýuterleriň çagalara diňe görkezilmegi, emma öýlerine alyp gitmäge we hatda klasda ulanmaga rugsat edilmezligi ýaly ýagdaýlar köpçülige mälim bolupdy.

Türkmenistanda hökümetiň ylmyň we bilimiň ileri tutulýandygyny aýtmagyna garamazdan, bilim wekilleri iş ýüzünde anyk ädimleriň göze ilmeýändigine, tersine pudagyň üpjünçiliginiň barha gowşaýandygyna ünsi çekýärler.

Degişli maglumat Ilat ýazuwynyň netijeleri boýunça äşgär edilen sanlar ýurtdaky demografik meýillerden habar berýär

"Býujetden bölünip berilýän serişdäniň kemeldilmegi dowam edýär. Ýurduň tebigy baýlyklaryndan gelýän girdejiler ilatyň zerurlyklaryna ýaramaýan kaşaň binalary gurmak üçin ulanylýar, halka zerur bolan medisina, bilim, ylym, welaýatlary paýtagt bilen baglaşdyrýan otly, uçar aragatnaşygy ýaly meseleler çözülmeýär" diýip, çeşme aýdýar.

Ahally çeşmeler mekdeplerdäki kemçilikleriň uzaga çeken düýpli meseledigini belläp, munuň bilim edaralarynyň maddy ýagdaýyny gowulandyrmak üçin döwlet tarapyndan ýeterlik alada edilmezligi bilen çäklenmän, korrupsiýa bilen hem baglydygyna ünsi çekýärler.

"Mekdep direktoryny işden boşadanyň bilen ýok kitaplaryň öz-özünden döremejegi we meseläniň çözülmejegi düşnükli. Paýtagtyň bilim müdirliginden welaýatlara barlag üçin gelýän inspektorlar, mekdebiň müdirlerini gorkuzyp, mekdebiň mugallymlaryndan pul ýygnadýarlar, para alyp, hiç hili kemçiligiň ýokdugy barada netije çykarýarlar" diýip, ahally bilim işgäri aýdýarlar.

Halkara guramalaryň hasabatlarynda dünýäde iň korrumpirlenen ýurtlaryň hatarynda agzalýan Türkmenistanda korrupsiýa bilim ulgamynyň ähli derejelerinde ornaşyp, para-peşgeş çagalar baglaryndan başlanýar.

Degişli maglumat Mekdeplerde mugallym ýetmezçiligi döredi, okuwa gatnamaýan çaga köpeldi

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.