Ukrainanyň prezidenti Wolodymyr Zelenski Waşingtona geldi. Ol bu ýerde ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp bilen duşuşar. Ukrain lideri bu habary 18-nji awgustda, öz telegram kanalynda habar berdi.
Tramp ilki Zelenski bilen ikitaraplaýyn duşuşyk geçirip, soňra ýewropa ýurtlarynyň ýolbaşçylary bilen duşuşar.
Tramp öz “Truth” sosial ulgamynda Zelenskiniň, "eger-de islese, Russiýa bilen urşy haýal etmän soňlap biljekdigini, ýa-da söweşi dowam etdirip biljekdigini" ýazdy.
"Bularyň ählisiniň nähili başlandygyny ýatlaň. Obamanyň (12 ýyl mundan öň ýekeje-de ok atylmazdan beren!) Krymyny hiç hili yzyna gaýtaryp almazdan We UKRAINANYŇ NATO HIÇ HILI GIRMEZLIGINDE. Käbir zatlar hiç haçan üýtgemez !!!" diýip, ABŞ-nyň prezidenti aýtdy.
Zelenski öz ýazgysynda Ukrainanyň "bu uruş çalt we ygtybarly soňlamak" isleýändigini aýtdy. "Parahatçylyk dowamly bolmaly. Birnäçe ýyl mundan ozal bolşy ýaly bolmaly däl, Ukrainany Krymy we Gündogaryň bir bölegini - Donbasyň bir bölegini bermäge mejbur etdiler we Putin muny täze hüjüm üçin meýdança hökmünde ulandy" diýip, Zelenski sözüniň üstüni ýetiridi.