Ahal welaýatynyň “Obahyzmat” önümçilik kärhanasynda işgärleriň zähmet haklarynyň pes bolmagy zerarly, öz arzalary boýunça meýletin işden çykmaga çalyşýan mehanizatorlar ýolbaşçylar tarapyndan mejbury işde saklanýar. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 20-nji awgustda günorta welaýatdan maglumat berdi.
“Häzir hojalyk eklemek üçin, azyndan 6 müň manat aýlyk gerek, bize 2 müň manat aýlyk töleýärler. Ol hiç zada ýetenok” diýip, bir mehanizator howpsuzlyk ýagdaýlary sebäpli atlandyrylmazlyk şerti bilen Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.
“Şonuň üçin, häzirki wagtda ençeme işgär Arzalaryny ýazyp, öz islegleri boýunça işden gitmek isleýär” diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.
Ol işden gidişligiň köpçülikleýin häsiýete eýe bolandygyny, olaryň köplenç daşary ýurt döwletlerine çykyp, gazanç etmäge synanyşýandyklaryny gürrüň berdi.
Köpçülikleýin häsiýetde bolup geçýär
Welaýatyň oba hojalyk önümçiligi pudagyndan habarly beýleki bir çeşme statistikalara salgylanyp, häzirki wagtda Ahal welaýatynyň “Obahyzmat” önümçilik birleşiginiň ýerli kärhanalarynda işçileriň tas 90 göteriminiň işden gitmäge synanyşýandygyny görkezýän çaklamalaryň bolandygyny aýdýar.
“Ahalobahyzmat” önümçilik kärhanasynyň garamagynda Bäherden, Gökdepe, Ak bugdaý, Kaka, Tejen, Babadaýhan we Sarahs etraplarynda ýerleşýän önümçilik birleşikleri, Aşgabat üpjünçilik kärhanasy, şeýle-de Bäherden we Tejen etraplarynda ýerleşýän tehniki-hünär okuw mekdepleri bar.
Bu kärhanalar oba hojalyk tehnikalaryna hyzmat edip, tehnikalaryň guratlygyny gözegçilikde saklaýar, şeýle-de daýhan birleşikleri oba hojalyk tehnikalary we mehanizatorlar bilen üpjün edýär.
Azatlyk Radiosy degişli kärhanalarda işgärleriň köpçülikleýin işden gitmek meýilleri boýunça ýerli resmilerden teswir alyp bilmeýär. Bu ugurda “Ahalobahyzmat” kärhanasy bilen 20-njy awgustda telefon arkaly habarlaşmak synanyşygymyz netije bermedi.
Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen gürrüňdeş bolan işgärler meýletin işden gitmäge çalyşýan mehanizatorlaryň ýolbaşçylar tarapyndan öňüniň baglanýandygyny aýdýarlar.
“Men şu gün irden başlygyň ýanyna baryp, işden çykmak isleýändigimi, zähmet haklarynyň örän ujypsyz bolandygyny, bu aýlyk bilen maşgala eklemegiň mümkin däldigini düşündirjek boldum, ýöne başlyk meniň arzama gol goýmajakdygyny aýtdy. Maňa başlyklar öz ornuňa adam tap, onsoň gidiber diýýärler. 2 müň manada kim işlesin? Eger-de mehanizatorçylyga uly isleg bolanda, biz ýaly işgärleri işde saklamakçy bolmazdylar” diýip, beýleki bir traktor sürüjisi aýdýar.
Bulardan başga-da, ýolbaşçylar ýakyn wagtda önümçilik kärhanalaryna täze tehnikalaryň gelip gowuşmagyna garaşylýandygyny aýdyp, işgärleri höweslendirmäge çalyşýarlar.
“Bahym täze traktorlar gelip başlar, onsoň şol traktorlardan ilkinji nobatda size bereris” diýip, başlyklar işden gitmäge çalyşýan sürüjileri köşeşdirjek bolýarlar diýip, ýerli ýaşaýjylar önümçilik kärhanalarynyň ýolbaşçylaryny sitirleýärler.
Mary welaýatynda-da şeýle bolupdy
Bu ýagdaý Türkmenistanda oba hyzmat kärhanalarynyň işgärleriniň köpçülikleýin işden gitmegi bilen bagly ilkinji ýagdaý däl.
Ýatlasak, şu ýylyň aprel aýynyň başlarynda Azatlyk Radiosynyň Mary welaýatyndaky habarçylary bu sebitde hem mehanizatorlaryň köpçülikleýin işden gidýändigini, käbirleriniň hatda Arza-da ýazman tehnikalaryny oba hojalyk meýdanlarynda taşlap, daşary ýurt döwletlerine işlemäge gidýändiklerini habar berdi.
“Käbirleri telefonlaryny öçürip, barjak ýurtlaryna barandan soňra, messenjerlerden hat iberip, işlerini terk edendiklerini aýdýarlar” diýip,şonda maryly bir inžener Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.
Soňky maglumatlara görä, günorta welaýatdaky çeşmeler häzirki wagtda Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabyndaky oba hojalyk kärhanalarynda meýletin işden gitmek meýilleriniň has köp göze ilýändigini aýdýarlar.
Ýerli kärhanalarda käbir ýolbaşçylar işgärleriň döwlet eýeçiligindäki tehnikalarda “gapdaldan özbaşdak gazanç etmeklerine göz ýumjakdyklaryny” yşarat edýärler, diýip mehanizatorlar aýdýar.
“Daşyndan goşmaça gazanç ediber, iş tap, bolmasa tehnikaň bilen hususy hojalyklaryň ekerançylyk ýerlerini sür, derman sep, başga-da gapdaldan nähili iş tapsaň ediber, gaýtam, biz bilenem paýlaş” diýip, mehanizatorlar oba hyzmat ýolbaşçylarynyň sözlerini sitirleýärler.
Ýöne Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen gürrüňdeş bolan mehanizatorlar, özleriniň onsuzam basyş astynda işleýändiklerini, bikanun hereketlere baş goşman, abraý bilen işden gitmek isleýändiklerini aýdýarlar.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
Forum